Türkmenistanda ammiak we metanol önümçiligi boýunça gazhimiýa zawody gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ammiak we metanol önümçiligi boýunça gazhimiýa zawody gurlar
Häzirki wagtda Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy bilen ammiak we metanol önümçiligi boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işläp, ammiak we metanol öndürmek üçin kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren mejlisiniň dowamynda wise-premýer Şahym Abdrahmanow nebitgaz toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenisatanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habara görä, wise-premýer häzirki wagtda gazhimiýa senagatynda ulanylýan tehnologiýalaryň ygtyýarnamasynyň eýesi bolan Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek hem-de onuň ygtyýarnamasy esasynda tebigy gazy gaýtadan işläp, ammiak we metanol önümçiligi boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça gepleşikleriň geçirilýändigi barada aýtdy.

Bu taslama boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamakda kompaniýanyň tehnologik we täjirçilik maglumatlaryny ulanmak maksady bilen, taraplaryň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi we oňa laýyklykda, senagatyň binýatlaýyn pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere täze taslamany işläp taýýarlamak boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

2022