“Аkina–Аndhoý” demir ýolunyň gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Аkina–Аndhoý” demir ýolunyň gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi
Häzirki döwürde bu meýdançada tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar.

Owganystandaky “Аkina–Аndhoý” demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri duşenbe güni gaýtadan dikeldildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

“Kerki–Ymamnazar–Аkina–Аndhoý” demir ýolunyň gurluşygyna 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda badalga berilipdi. Owganystanyň “Akina-Andhoý” beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi. 

Häzirki döwürde bu meýdançada tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar we olaryň ýakyn wagtda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň we ykdysady ösüşiň ýola goýulmagy babatynda owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermegi dowam edýär. Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy, şeýle hem Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary bolsa adaty tertipde işleýärler.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy geçen hepde türkmen-owgan serhedindäki “Ymamnazar–Akina” we “Serhetabad–Turgundy” barlag-gözegçilik nokatlarynyň adaty tertipde işleýändigini habar beripdi.

2022