Ýewropada gazyň bahasy iň ýokary derejä ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropada gazyň bahasy iň ýokary derejä ýetdi
Russiýanyň gaz üpjünçiliginiň wagtlaýyn azalmagy sebäpli Ýewropada gaz ýetmezçiligi emele geldi.

Ýewropada gazyň spot bahalary (ertesi gün almak şerti bilen kesilen bahalary) duşenbe güni ilkinji gezek 1 müň kub metr üçin 600 ABŞ dollaryndan geçdi. “ICE Futures” biržasynyň maglumatlaryna görä, Gollandiýadaky TTF tebigy gaz biržasynda sentýabr aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 600,6 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň “Vedomosti” neşiri habar berýär.

Şeýlelik bilen, bilermenler Ýewropanyň gaz bazaryndaky häzirki ýagdaýy suwuklandyrylan tebigy gaz üpjün edijileriniň harytlaryny Aziýa bazaryna gönükdirmegi, Ukrainanyň üsti bilen geçiriljek gazyň möçberiniň näbelliligi, şeýle hem Ýewropanyň ýerasty gaz ammarlarynyň az mukdarda doldurylmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

“Gas Infrastructure Europe” assosiýasiýasynyň maglumatlaryna görä, duşenbe güni Ýewropanyň ýerasty gaz ammarlary 66,3%-e golaý möçberinde doldurylypdy. Bu güýz-gyş möwsüminiň öňüsyrasyndaky örän pes görkeziji bolup durýar. Geçen ýylyň degişli döwründe ammarlar 91,4% doldurylypdy.

Ýewropada gaz ýetmezçiligine Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň 5-nji awgustda Täze Urengoýdaky zawodynda bolan tehniki näsazlykdan soň, Russiýanyň Ýamal-Ýewropa gaz geçirijisi arkaly gaz eksportynyň wagtlaýyn azaldylmagy hem öz täsirini ýetirdi. 6–17-nji awgust aralygynda bu ugur arkaly geçirilýän gaz gününe 2,1 milliarddan 1,4-1,5 milliard kub metre çenli azaldyldy.

Uzak möhletleýin şertnamalar boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin “Gazprom” Ýewropadaky ýerasty ammarlaryndaky gaz gorlary bilen hasaplaşmaly boldy. Netijede, 23-nji awgustdaky ýagdaýa görä, kompaniýanyň 4 sany uly ammarlaryndaky gaz gorlary 12,8%-e çenli azaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022