OPEC+ ýygnagynyň öňüsyrasynda dünýäde nebitiň bahalary galýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
OPEC+ ýygnagynyň öňüsyrasynda dünýäde nebitiň bahalary galýar
“Brent” nebitiniň noýabr aýy üçin bahasy 36 sent ýa-da 0,5% galyp, bir barreli 71,99 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni OPEC+ ýurtlarynyň ýygnagynyň öňüsyrasynda ýokarlandy. OPEC+ toparynyň dekabra çenli günlük önümçiligini her aý 400 müň barrel artdyrmak boýunça ylalaşygyna görä hereket etmekligine garaşylýar. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

OPEC ýurtlaryny we Russiýa ýaly beýleki öňdebaryjy nebit öndürijilerini öz içine alýan bu toparyň ýygnagy Grinwiç wagty bilen 15:00-da geçiriler.

Günüň başynda “Brent” nebitiniň noýabr aýy üçin bahasy 36 sent ýa-da 0,5% galyp, bir barreli 71,99 ABŞ dollaryna barabar boldy. WTI nebitiniň oktýabr üçin bahasy 31 sent ýa-da 0,5% galyp, bir barreli 68,81 ABŞ dollaryna deň boldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy benziniň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin OPEC+ toparyny nebit önümçiligini ýokarlandyrmaga çagyrdy. Administrasiýa nebit bahalarynyň galmagyny dünýäniň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine böwet bolup biljekdigine ynanýar.

“Öňünden gelnen netijeleriň biri hem topar Waşingtonyň ýakynda eden haýyşy boýunça nebit önümçiligini artdyrmaz. Şeýle hem topar nebit önümçilik çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek işlerini duruzmaz” diýip, PVM nebit broker kompaniýasynyň hünärmeni Stefan Brennok “Reuters” agentligine aýtdy.

Nebitiň bahalarynyň galmagyna täsir eden sebäpleriň biri hem ABŞ-nyň çig nebit gorlarynyň geçen hepde garaşylýandan has köp düşenidir diýip, ABŞ-nyň senagat hasabatynda bellenilýär. Bu düşüş Ida harasatynyň bir gijede nebiti gaýtadan işleýän zawodlara ýetiren ýaramaz täsirinden soň durnuklaşdy.

Hasabata görä, ABŞ-nyň nebitiň çig mal ätiýaçlyklary geçen hepde 4 million barrele düşdi.

OPEC+ topary iýul aýynda nebit bahalaryny düşürmek we barha artýan islegi kanagatlandyrmak üçin awgust-dekabr aýlary aralygynda günlük nebit üpjünçiligini her aýda 400 müň barrel artdyrmak barada ylalaşypdy.