“Miweli ülke” Dubaýa ilkinji gezek gawunyň “Gülaby” sortuny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Miweli ülke” Dubaýa ilkinji gezek gawunyň “Gülaby” sortuny eksport etdi
Gawunlar gury ýer ulagy arkaly ugradyldy we olar takmynan 8-10 günüň dowamynda gowşurylar.

“Miweli ülke” hususy kärhanasy Dubaýa ilkinji gezek gawunyň “Gülaby” sortuny eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda çarşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gawunyň bu görnüşi daşamak üçin amatlydyr we uzak wagtlap saklanylyp bilner. Saklaýyş temperaturasy berjaý edilende gawun 25 güne çenli öz hilini saklaýar.

Gawunlar gury ýer ulagy arkaly ugradyldy we olar takmynan 8-10 günüň dowamynda gowşurylar.

2016-njy ýylda esaslandyrylan oba-hojalyk önümlerini saklamak üçin häzirki zaman sowadyjy ammarlary bolan “Miweli ülke” HK ýerli kärendeçilerden dürli görnüşli gök önümleri we miweleri yzygiderli satyn alýar. Kärhana önümleri bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, daşary ýurt bazarlaryna hem eksport edýär.

Häzirki wagtda “Miweli ülke” hususy kärhanasy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginde 50 gektar meýdanda banan we sitrus miweleri ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen ýyladyşhananyň gurluşygyny alyp barýar.

2022