Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 10 sany desganyň hususylaşdyrylmagy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 10 sany desganyň hususylaşdyrylmagy meýilleşdirilýär
Döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalary bäsleşikli söwdalar arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Türkmenistanda bäsleşikli söwdalar arkaly döwlet eýeçiligindäki 10 sany desgany hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet eýeçiligini dolandyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça seljermeler geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň beren hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli gelip gowşan tekliplere laýyklykda, degişli sanaw taýýarlanyldy we Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparynyň mejlislerinde degişli desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi. Bu sanawa “Türkmengaz” döwlet konserni boýunça 5 desga, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 3 desga, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 1 desga hem-de Lebap welaýat häkimligi boýunça 1 desga girizildi. Olary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleriň, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga hem-de desgalary hususylaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz bu ulgamdaky işi dowam etmegiň wajypdygyny belläp, hususylaşdyrmaga teklip edilýän döwlet desgalarynyň maksadalaýyklygyny ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bellenen meýilnamalaryň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.