TNGIZT “An-2” kysymly uçarlara niýetlenen awiabenziniň önümçiligine başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT “An-2” kysymly uçarlara niýetlenen awiabenziniň önümçiligine başlar
TNGIZT Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlerine gabat gelýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdrahmanow Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, şunuň bilen baglylykda, wise-premýer suwuklandyrylan gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan desgada benzinleriň ýokary oktanly komponentiniň öndürilendigi barada habar berdi.

Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan bu önüme laýyklyk güwänamasynyň resmileşdirilendigini aýtdy.

Zawodlar toplumy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary milli ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär diýip, Şahym Abdrahmanow belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilen işleri makullap, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

TNGIZT Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlerine gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketler girýär.

Iýul aýynda TNGIZT-de Jet A-1 täze kysymly uçar ýangyjynyň önümçiligine başlandy. Bu ýangyç TNGIZT-de öňden bäri öndürilýän ТС-1 kysymly awiakerosiniň Ýewropada öndürilýän nusgasydyr.

2022