“Gerekli” täze eplenýän “Samsung” smartfonlary üçin deslapky sargytlary kabul edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gerekli” täze eplenýän “Samsung” smartfonlary üçin deslapky sargytlary kabul edýär
“Gerekli” – Türkmenistanda alyjylary we satyjylary birleşdirýän onlaýn dükandyr.

“Gerekli” onlaýn dükany “Samsung” kompaniýasynyň “Z Fold3” we “Galaxy Z Flip3” täze smartfonlaryny öňünden sargyt etmek üçin ajaýyp mümkinçilik berýär.

Koreý kompaniýasynyň smartfonlarynyň bu modelleri uly we amatly ekrany, “S Pen” akylly galamlarynyň çäksiz mümkinçilikleri, şeýle hem eplenýän dizaýny bilen aýratyn tapawutlanýarlar.

Täze smartfonlary öňünden sargyt edilen müşderilere “Gerekli” onlaýn dükany sowgatlary berýär, ýagny “Galaxy Z Flip3” smartfonyny öňünden sargyt edenler “Galaxy Buds Pro” we “Galaxy Z Fold3” smartfonyny sargyt edenler bolsa “Galaxy Watch Active 4” sowgat alarlar.

Onlaýn market deslapky sargydyň 17-nji sentýabra çenli elýeterlidigini we smartfonlaryň sanynyň çäklidigini belleýär.

“Gerekli” – Türkmenistanda alyjylary we satyjylary birleşdirýän, dünýäniň dürli markalaryndan bäsdeşlikli bahalarda önümleriň dürli görnüşlerini hödürleýän onlaýn dükandyr. Bu onlaýn söwda platformasy, iň gowy kepillendirilen bahalary we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna eltmek hyzmatlary bilen tapawutlanýar.

Mundan başga-da, “Gerekli” müşderilerine harytlar üçin nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022