Dünýäde nebitiň bahalary pes isleg çaklamalary esasynda düşýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde nebitiň bahalary pes isleg çaklamalary esasynda düşýär
“Brent” nebitiniň bahasy 49 sent ýa-da 0,7% düşüp, bir barreli 71,73 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Dünýäde nebitiň bahalary sişenbe güni ABŞ-da we Aziýada nebite bolan pes isleg çaklamalary esasynda düşdi. ABŞ-nyň aýlag kenarýaka sebitlerinde Ida harasaty sebäpli dowam edýän önümçilik bökdençlikleri nebit bahalarynyň düşüşini çäklendirdi. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

Nebit analitikleriniň pikiriçe, ABŞ-nyň walýutasynyň ýokarlanmagy nebitiň bahalarynyň düşmegine hem täsirini ýetirýär. ABŞ-nyň dollarynyň hümmetiniň ýokarlanmagy beýleki ýurtlaryň walýutasynda nebitiň bahasynyň gymmatlamagyna sebäp bolýar.

Duşenbe güni 39 sent aşak düşenden soň, “Brent” nebitiniň bahasy 49 sent ýa-da 0,7% düşüp, bir barreli 71,73 ABŞ dollaryna barabar boldy. WTI nebiti anna günündäki söwdalardaky 68,21 ABŞ dollaryndan 1,08 ABŞ dollary ýa-da 1,6% peseldi.

ABŞ-nyň ykdysadyýeti awgust aýynda COVID-19 ýokanjynyň köpelmegi bilen dynç alyş we syýahatçylyk pudagynda işe almaklygyň haýallamagy sebäpli geçen ýedi aýyň içinde iň az iş ornuny döretdi.

“Saudi Aramco” kompaniýasynyň ýekşenbe güni Aziýa bazary üçin satýan ähli nebit görnüşleriniň bahalaryny oktýabr aýynda azyndan 1 ABŞ dollary möçberinde arzanlatmak karary nebitiň bahalarynyň peselmegine hem täsir eden sebäpleriň biri boldy.

“Saudi Aramco” kompaniýasynyň bahalary arzanlatmak karary dünýäniň iň uly nebit importçysy bolan Aziýada sarp edişiň peselýändigini görkezýär. Munuň sebäbi bolsa Aziýada koronawirusyň delta görnüşine garşy göreşmek üçin çäklendirmeler bilen baglanyşyklydyr.

Hytaýyň güýçli ykdysady görkezijileri we ABŞ-nyň aýlag kenarýaka sebitlerinde Ida harasaty sebäpli dowam edýän önümçilik bökdençlikler nebitiň bahalarynyň aşa pese düşmegine böwet boldy.

Hytaýyň gümrük maglumatlaryna görä, awgust aýynda ýurduň çig nebit importy bir aý öňküden 8% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde Hytaýyň ykdysadyýeti awgust aýynda eksportynyň çalt depginde ýokarlanmagy sebäpli ösdi.

Ida harasaty sebäpli Meksika aýlagyndaky nebit önümçiliginiň 80% -den gowragy ýapyklygyna galýar, diýip habarda bellenilýär. Bu ýagdaý tupanyň sebitdäki möhüm infrastrukturalara zeper ýetireninden bir hepdeden gowrak wagt geçenden soňra hem dowam edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022