Dünýäde alýuminiň bahasy geçen 13 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde alýuminiň bahasy geçen 13 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi
Şu ýylyň başyndan bäri London metal biržasynda alýuminiň bahasy takmynan 40% artdy. (Surat: "Interfaks")

Hytaýyň kömürturşy gazy zyňyndylaryny azaltmak üçin girizen çäklendirmeleri, şeýle hem Gwineýada syýasy meseleler sebäpli boksitiň üpjünçiligi bilen bagly töwekgelçilikler sebäpli dünýäde alýuminiň bahasy geçen 13 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi. Bu barada “Dow Jones” maliýe maglumat gullugyna salgylanyp, “Interfaks” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Çarşenbe güni London metal biržasynda (LMB) geljek üç aýyň içinde gowşurmak şerti bilen satylan alýuminiň bahasy 0,4% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy 2 müň 780 ABŞ dollaryna ýetdi, bu 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary bahadyr.

Şu ýylyň başyndan bäri London metal biržasynda dünýäde metala bolan islegiň ýokarylygy sebäpli alýuminiň bahasy takmynan 40% artdy. Hytaýyň kömürturşy gazy zyňyndylaryny azaltmak üçin girizen çäklendirmeleri sebäpli onuň öndürilişi pese düşdi.

Gwineýada durnuksyz syýasy ýagdaýlar alýumin bazary üçin töwekgelçiligi ýokarlandyrdy, sebäbi ýurt alýumin öndürmekde esasy çig mal bolan boksitiň öňdebaryjy öndürijileriniň biridir.

Alýumin senagaty metal alýumin öndürmek üçin kärhanalary birleşdirýän reňkli metallurgiýanyň bir pudagydyr. Önümçiligiň we sarp edişiň göwrümi boýunça alýumin reňkli metallurgiýanyň kiçi pudaklarynyň arasynda birinji we metallurgiýa pudaklarynyň arasynda bolsa göwrümi boýunça polat önümçiliginden soň ikinji orunda durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022