Deriden aýakgap öndürýän “Röwşen” hususy kärhanasy gapjyklaryň, sumkalaryň we açar saklaýjylaryň önümçiligine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda penşenbe güni habar berildi.
Habara görä, kompaniýa önümleri üçin çig mal hökmünde ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa deri ulanýar. Önümler “Röwşen” haryt nyşany bilen klassik görnüşinde öndürilýär.
“Röwşen” hususy kärhanasy 2003-nji ýyldan bäri dürli görnüşli aýakgaplary öndürýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 30 töweregi söwda nokatlary bardyr.
“Röwşen” haryt nyşany bilen kompaniýanyň aýakgaplary Russiýa, Belarus Respublikasy, Ukraina, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan we Gazagystan ýaly ýurtlara eksport edilýär.