Änewde täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Änewde täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
Täze ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda açyldy.

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde iki sany dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýaşaýyş jaýlary Ahal welaýatynyň arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň buýrugy boýunça “Sahabat gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan Baba Annanow köçesiniň ugrunda gurlup ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habara görä, umumy meýdany 9 müň inedördül metre barabar bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna Ahal welaýatynyň we Ak Bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, şäheriň ýaşaýjylary we gurluşykçylar gatnaşdylar.

“Sahabat gurluşyk” kompaniýasy ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny we gurluşygyny häzirki zaman şäher gurluşygynyň gazananlaryny göz öňünde tutup bina etdi. Şeýlelik bilen, gurluşykçylar üznüksiz we ýokary hilli elektrik üpjünçiligi üçin jaýlary 630 kilowat kuwwatly iki sany transformator podstansiýalaryny maýdançalarda ornaşdyrdylar. 

Jaýlaryň gurluşygyndan başga-da, kärhana jaýlara ýanaşyk ýerleri hem abadanlaşdyrdy.

Ahal welaýatdaky täze ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda açyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda jaý gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde 22 sany dört gatly ýaşaýyş jaýlary ulanylyşa berler. Giň meýdany bolan 2-3 otagly amatly öýlere ýüzlerçe maşgalalar göçüp barar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022