“Demirgazyk akymy – 2” deňiz gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Demirgazyk akymy – 2” deňiz gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy
“Demirgazyk akymy – 2” gaz geçirijisi ýylda 55 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyplydyr. (Surat: Nord Stream 2 AG)

“Demirgazyk akymy – 2” deňiz gaz geçirijisiniň gurluşygy doly tamamlandy. Bu barada Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Milleriň anna güni kompaniýanyň ýygnagynda beren beýanatyna salgylanyp, “Interfaks” agentligi habar berdi.

Habara görä, gaz geçirijiniň ikinji şahasynyň soňky turbasy 6-njy sentýabrda kebşirlenildi. Soňra gaz geçirijiniň Germaniýanyň kenarlaryndan uzaýan bölegi Daniýanyň suwlaryndan uzalyp gelýän bölegi bilen birleşdirildi.

“Demirgazyk akymy – 2” gaz geçirijiniň birinji şahasynyň gurluşygy iýun aýynyň başynda tamamlandy.

Ýylda 55 milliard kub metr gaz geçirmäge kuwwaty bolan “Demirgazyk akymy – 2” deňiz gaz geçirijisi, Leningrad oblastynyň Kingiseppskiý etrabynyň “Slawýanskaýa” gysyjy desgasyndan Germaniýanyň Baltika kenaryna çenli dowam edýär. Iki şahaly gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 2 müň 460 kilometre barabardyr.

Bu uguryň we 2011-nji ýylyň 8-nji noýabrynda işe girizilen “Demirgazyk akymy” gaz geçirijisiniň jemi ýyllyk eksport kuwwaty 110 milliard kub metre barabardyr. Bu möçber Russiýanyň Ýewropa ýyllyk gaz eksportynyň ýarysyna golaýdyr.

Miller geçen hepde beren beýanatynda “Demirgazyk akymy – 2” gaz geçirijisi arkaly Ýewropanyň bazarlaryna ilkinji gazyň şu ýylyň ahyryna çenli iberilip bilinjekdigini belläpdi.

“Gazprom” kompaniýasy Ýewropanyň iň uly tebigy gaz üpjün edijisi bolup, ol sebitiň gaz isleginiň üçden bir bölegini kanagatlandyrýar.

Şol bir wagtyň özünde, “ICE Futures” biržasynyň maglumatlaryna görä, penşenbe güni agşam Gollandiýadaky TTF tebigy gaz biržasynda oktýabr aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 696 ABŞ dollaryna deň boldy.

“Interfaks” agentligiň habaryna görä, bahalaryň ýokarlanmagynyň esasy sebäbi turbageçirijiler arkaly we suwuklandyrylan görnüşlerinde gazyň üpjünçiliginiň çäkliligi sebäpli Ýewropadaky ýerasty ammarlarda gaz ätiýaçlyklarynyň pes bolmagydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022