“Ferhar” HJ şu ýyl 70 tonna banan hasylyna garaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ferhar” HJ şu ýyl 70 tonna banan hasylyna garaşýar
Geçen möwsümde hojalyk jemgyýeti tarapyndan bananyň 60 tonna golaýy ýygnaldy.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Ferhar” hojalyk jemgyýeti şu ýyl 70 tonna banan ýygnamagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habara görä, geçen möwsümde hojalyk jemgyýeti tarapyndan bananyň 60 tonna golaýy ýygnaldy.

Kompaniýa Sakarçäge etrabynyň “Geňeş” daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen 1,32 gektar meýdanda döwrebap ýyladyşhana gurup, subtropik ösümligiň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşini ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdy.

Döwrebap ýyladyşhanalarda Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylandyr. Bu ýerde bananyň “Grand Nain” görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.

Häzirki wagtda ýyladyşhanada 2 müňe golaý bananyň düýbi bar bolup, olar 4–5 aýda doly bişip ýetişýärler. Her düýpdäki hasyllylyk ortaça 35–40 kilograma ýetýär.

“Ferhar” Türkmenistanda ilkinji bolup banany senagat möçberinde ösdürip ýetişdirmegi ýola goýan kompaniýadyr. Hojalyk jemgyýeti bu işe 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlap, 2019-njy ýylyň martynda bananyň ilkinji hasylyny aldy.