Nebitiň bahasy ABŞ-daky önümçilik bökdençlikleri sebäpli $73-a ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nebitiň bahasy ABŞ-daky önümçilik bökdençlikleri sebäpli $73-a ýetdi
ABŞ-nyň aýlag kenarýaka sebitleriniň nebit önümçiliginiň dörtden üç bölegi, ýagny gününe 1 million 400 müň barele deň bolan önümçilik awgust aýyndan bäri togtadyldy.

Dünýäde nebitiň bahalary ABŞ-da Ida harasaty sebäpli dowam edýän önümçilik bökdençlikleri we ABŞ-nyň hem-de Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi esasynda galyp, onuň bir barreliniň bahasy 73 ABŞ dollary töwereginde ýokarlandy. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

ABŞ-nyň aýlag kenarýaka sebitleriniň nebit önümçiliginiň dörtden üç bölegi, ýagny gününe 1 million 400 müň barele deň bolan önümçilik awgust aýyndan bäri togtadyldy. Bu mukdar OPEK toparynyň agzasy Nigeriýanyň nebit önümçiligine ýakyndyr.

Günüň dowamynda “Brent” nebitiniň bahasy 1,57 ABŞ dollary ýa-da 2,2% galyp, bir barreli 73,02 ABŞ dollaryna barabar boldy. WTI nebitiniň bahasy 1,58 ABŞ dollary ýa-da 2,3% galyp, 69,72 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Nebit we paýnama bazarlarynda bahalar ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we onuň kärdeşi Si Szinpiniň arasyndaky geçirilen telefon söhbetdeşligi baradaky habarlardan soň ýokarlandy. Bu söhbetdeşlik iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we olaryň arasynda söwdanyň ösdürilmegine ýardam berer diýip, analitikler çaklaýarlar.

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy tarapyndan üpjünçiligiň çäklendirilmegi we pandemiýadan soň nebite bolan talabyň dikeldilmegi esasynda “Brent” nebitiniň bahasy şu ýyl 41% ýokarlandy.

Penşenbe güni Hytaýyň bäsleşikli söwdalar arkaly çig nebit ätiýaçlyklaryny satjakdygy baradaky habaryň netijesinde nebitiň bahasy 1%-den gowrak peseldi. Munuň bilen Hytaý özüniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň ýokary çig mal çykdajylaryny azaltmagy maksat edinýär. Hytaý beýle bäsleşikli söwdalary ilkinji gezek geçirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022