Türkmenistanyň ykdysadyýeti geçen sekiz aýda 6,2% ösdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ykdysadyýeti geçen sekiz aýda 6,2% ösdi
Milli Liderimiz ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek boýunça döwlet syýasatynyň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisiniň dowamynda Ýer ýüzünde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiri sebäpli ýüze çykýan daşarky ýagdaýlara garamazdan, şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% derejede saklandy diýip, belledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, döwlet Baştutanymyz bellenen meýilnamalara laýyklykda, şu ýylda 30 sany iri desganyň ýerine 56 sany desga işe girizildi we ýylyň ahyryna çenli ýene-de ençeme desganyň ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar diýip, aýtdy.

Şeýle-de, hasabat döwründe ýurdumyzda umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Nebitgaz ýataklary özleşdirilip, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem, beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk görülýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek boýunça döwlet syýasatynyň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Mundan başga-da mejlisiň dowamynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, dabaraly harby ýörişi geçireriljekdigi bellenildi.

2022