Türkmen Lideri ykdysadyyetiň bazar şertlerine geçmeginiň zerurdygyny belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri ykdysadyyetiň bazar şertlerine geçmeginiň zerurdygyny belledi
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna üns çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar şertlerine geçirmekligiň wajyplygyny belläp, onuň pudaklaryna häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýolbaşçylyk edip biljek başarnykly adamlary saýlap almagy tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habara görä, mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz kabul edilen Maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda amala aşyrylmaly esasy wezipeleriň ykdysadyýetimizi bazar şertlerine geçirmekden ybaratdygyny belledi. Bütin dünýä şu usulda işleýär we ykdysadyýetimizi bazar şertlerine näçe tiz geçirsek, mähriban halkymyz şonça-da çalt gowy durmuşda ýaşar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Eger siziň käbiriňizde aýry-aýry pudaklar bazar şertlerinde işläp bilmez diýen düşünje bar bolsa, onda bu pikir ýalňyşdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şol pudaklar üçin ýaş, sowatly, gujur-gaýratly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda işläp we ýolbaşçylyk edip biljek başarnykly adamlary saýlap almagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna üns çekdi. Bu wezipeler köp işleri amala aşyrmagy talap edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň we beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine goşmaça itergi bermelidigini belledi. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etmelidiris. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle-de Milli Liderimiz ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek boýunça döwlet syýasatynyň dowam etdirilýändigini belledi.

2022