“Maksada okgunly” hindi towugynyň etini Azerbaýjana eksport eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Maksada okgunly” hindi towugynyň etini Azerbaýjana eksport eder
Hususy guşçulyk toplumynda ýylda 4 müň 800 tonnadan gowrak hindi towugynyň etinden taýýarlanan önümler öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Maksada okgunly” hususy kärhanasy her aý Azerbaýjana 22,5 tonna hindi towugynyň etini eksport eder.

Azerbaýjanyň “Hyrkan Group” kompaniýasy türkmen kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasynyň çäginde türkmen hindi towugynyň önümleriniň üpjünçiligini amala aşyrar. Bu barada “ORIENT” agentligi şenbe güni habar berdi.

Geljekde kompaniýa eksportynyň mukdaryny ýylda 2 müň tonna ýetirmegi maksat edinýär. Şeýle hem, kompaniýa iberilýän önümleriň hataryna toplumyň başga görnüşli önümlerini goşmagy meýilleşdirýär diýip, agentlik habar berýär.

Hususy guşçulyk toplumyň umumy meýdany 23 gektara barabar bolup, ol ýerde ýylda 4 müň 800 tonnadan gowrak hindi towugynyň etinden taýýarlanan önümler öndürilýär.

Kärhananyň meýdany dört bölege bölünip, meýdançalar inkubatorlary, hindi towuklarynyň keteklerini, weterinariýa jaýlaryny we ýörite iýmit ösdürilip ýetişdirilýän ýerleri öz içine alýar.

Guşçulyk fermasynda Belgiýa, Germaniýa, Fransiýa we Türkiýe döwletlerinde öndürilen enjamlar ornaşdyryldy. Enjamlaryň işe girizilmegi bilen 350 sany täze iş orny döredildi.

2015-nji ýylda esaslandyrylan “Maksada okgunly” HK Türkmenistanda hindi towugynyň önümçiligi bilen meşgullanyp başlan ilkinji kärhanadyr. Kompaniýanyň önümleri Türkmenistandaky iri söwda nokatlarynda satylýar.