“Uly çynar” sagatda 16 müň 200 sany plastik gapak öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Uly çynar” sagatda 16 müň 200 sany plastik gapak öndürýär
“Uly çynar” hojalyk jemgyýeti häzirki wagta çenli Özbegistana, Birleşen Arap Emirliklerine, Gazagystana plastik gapaklaryň eksportyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Uly çynar” hojalyk jemgyýeti sagatda 16 müň 200 sany plastik gapak öndürýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda Hytaýyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr. Kärhana önümçiliginde ýerli we daşary ýurt çig mallaryndan peýdalanýar.

Bu ýerde öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarda ýokary islegden peýdalanýar. Häzirki wagta çenli kompaniýa Özbegistana, Birleşen Arap Emirliklerine, Gazagystana plastik gapaklaryň eksportyny amala aşyrdy.

Mundan başga-da, kompaniýanyň güberçek gatlaklary (ýumurtga ýerleşdirmek üçin) çykarýan bölümi hem hereket edýär.

2018-nji ýylda “Uly çynar” HJ halkara ISO güwänamasyna mynasyp boldy.

2008-nji ýylda esaslandyrylan “Uly çynar” HJ plastik çüýşeleriň gapaklarynyň we tutawaçlarynyň önümçiligini alyp barýar. Kärhanada 100-den gowrak işçi-hünärmen iki çalşykda zähmet çekýär.

2022