“Gerekli” aksiýalary yglan edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gerekli” aksiýalary yglan edýär
“Gerekli” müşderilerine harytlar üçin nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Gerekli” onlaýn dükany aksiýalary yglan edýär. Söwda platformasy täze enjam satyn alan müşderilere dürli sowgatlary berýär.

“Samsung QLED 8K” telewizoryny satyn alan müşderi - “Samsung Jet 75 Pet” simsiz tozan sorujy sowgat alar.

“Samsung The Frame” ýa-da “Samsung The Sero” telewizoryny satyn alan müşderi - “Soundbar Samsung HW-T530” ses panellerini sowgat alar.

“Samsung Galaxy A32” telefonyny satyn alan müşderi - “Powerbank” göçme zarýad beriji sowgat alar.

“Realme C25” telefonyny satyn alan müşderi - “Gerekli” onlaýn dükanynda islendik önümi satyn almak üçin 400 manat sowgat alar.

Şeýle hem, “Gerekli” onlaýn dükany “Samsung” kompaniýasynyň “Z Fold3” we “Galaxy Z Flip3” täze smartfonlaryny öňünden sargyt etmek üçin ajaýyp mümkinçilik berýär. Onlaýn market deslapky sargydyň 17-nji sentýabra çenli elýeterlidigini we smartfonlaryň sanynyň çäklidigini belleýär.

“Gerekli” – elektronika we hojalyk enjamlarynyň, öý we kanselýariýa önümleriniň, gözellik we saglyk önümleriniň, egin-eşik we aksessuarlarynyň, şeýle hem çagalar we haýwanlar üçin harytlaryň amatly bahalaryny kepillendirýär.

Mundan başga-da, “Gerekli” müşderilerine harytlar üçin nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 200 manatdan ýokary söwda eden müşderiler üçin Aşgabadyň içinde eltip bermek hyzmaty mugtdyr. Söwda platformasy ýurdumyzyň ähli ýerlerine eltip bermek hyzmaty ýerine ýetirýär.

2022