“Doganlar ýyldyzy” konditer önümlerini Gyrgyzystana eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Doganlar ýyldyzy” konditer önümlerini Gyrgyzystana eksport edýär
“Doganlar ýyldyzy” haryt nyşanly şokoladlar ISO we “Halal” halkara ülňülerine doly laýyk gelýär.

“Doganlar ýyldyzy” hususy kärhanasy konditer we şokolad önümlerini Gyrgyz Respublikasyna eksport edýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habara görä, Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän bu hususy kärhanada “Doganlar Ýyldyzy” haryt nyşany bilen 45 görnüşli şokolad önümleri öndürilýär. Olaryň hatarynda dürli gaplarda assorti şokoladlar, gaplanan, içi huruşly, huruşsyz süýjüler we başga-da birnäçe görnüşli şokoladlar bar.

Kärhanada “Doganlar Ýyldyzy” haryt nyşanly “Ak ýürek”, “Merw”, “Bal top”, “Janym”, “Altyn dag” ýaly şokoladlar öndürilýär we olar içerki bazarda uly islegden peýdalanylýar.

Şeýle hem “Doganlar ýyldyzy” haryt nyşanly şokoladlar ISO we “Halal” halkara ülňülerine doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedowyň 2018-nji ýylda esaslandyran “Doganlar ýyldyzy” hususy kärhanasy geljekde eksporty has-da artdyrmagy meýilleşdirýärler.

2022