Sowuk howanyň ýakynlaşýandygy we ýyladyş möwsümine Ýewropanyň gaz ulgamynyň taýýar däldigi sebäpli kontinentde tebigy gazyň bahasy ýokarlanmagyny dowam edýär. Şeýlelik bilen, sişenbe güni irden “ICE Futures” biržasynda TTF tebigy gaz indeksi esasynda oktýabr aýy üçin gaz şertnamalarynyň bahasy 808 ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada “Interfaks” agentligi habar berdi.
Habara görä, häzirki wagtda Ýewropanyň ýerasty ammarlaryndaky gaz gorlar iň pes derejesindedir we “Demirgazyk akymy – 2” deňiz gaz geçirijisiniň işe girizilmegi üçin Germaniýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa syýasaty edaralarynyň ygtyýaryna garaşylýar.
Germaniýanyň energiýa ulgamyna gözegçilik edýän agentligi 13-nji sentýabrda “Nord Stream 2 AG” kompaniýasyny garaşsyz operator hökmünde serifikatlaşdyrmak üçin resminamalary kabul edendigini habar berdi. Bu baradaky degişli karar dört-alty aýyň içinde kabul ediler.
Gazyň bahalarynyň ýokarlanmagynyň esasy sebäbi turbageçirijiler arkaly we suwuklandyrylan görnüşlerinde gazyň üpjünçiliginiň çäkliligi sebäpli gaz gorlarynyň pes bolmagydyr. Ýewropadaky ýerasty ammarlardaky gazlaryň ulanylyp başlanylmagyna bir aýdan gowrak wagt galyp, ol ammarlar häzirki wagtda 70% töweregi doludyr. Ýekşenbe günündäki ýagdaýa görä, ol ammarlaryň 70,75%-e deň bolup, bu soňky bäş ýyldaky ortaça derejeden 15,6% pesdir.
Awgust aýynyň ahyryndan bäri, Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy Germaniýanyň “Reden” we “Katarina” ýerasty ammarlaryna gaz ibermegi bes etdi, ýöne Awstriýanyň “Haýdah”, Germaniýanyň “Ýemgum” we Gollandiýanyň “Bergermeer” ammarlaryna çäkli görnüşde gaz ibermegini dowam edýär.
2018-nji ýylyň mart aýynda Ýewropada aşa sowuk howa şertleri netijesinde tebigy gazyň bir müň kub metri üçin bahasy 1 müň ABŞ dollaryna golaýlapdy. Gollandiýadaky TTF esasy tebigy gaz biržasynda ertesi gün üçin gaz şertnamasynyň bahasy 2018-nji ýylyň 1-nji martynda iň ýokary derejesine, ýagny bir müň kub metr üçin 969 ABŞ dollaryna deň bolupdy.