Türkmenistanda öndürilen gazyň mukdary 55 milliard kub metrden geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda öndürilen gazyň mukdary 55 milliard kub metrden geçdi
Şu ýylyň sekiz aýynda Türkmenistan tebigy gazyň 31 milliard kub metre golaý mukdaryny eksport etdi.

Türkmenistanda tebigy gazyň gazylyp alnyşy şu ýylyň sekiz aýynda 55 milliard kub metrden geçdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 10 milliard 400 million kub metr köpdür. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) resmi saýtynda duşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, tebigy gazyň gazylyp alynmagynyň artdyrylmagy dünýä bazarynda ýangyja bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen baglydyr. Şunlukda, Türkmenistan tebigy gazyň 31 milliard kub metre golaý mukdaryny eksport etdi. Bu hem 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygyndaky görkezijiden 8 milliard 300 million kub metr artykdyr. Ösüş depgini bolsa 137%-e deňdir.

Türkmen gazynyň esasy import edijisi Hytaý bolup durýar.

Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly ýylda 40 milliard kub metr gaz eksport edilýär. Bu gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gaz geçirmäge mümkinçiligi bardyr. Bu gaz magistralynyň işe girizilen wagtyndan bäri, Türkmenistanyň gaz ýataklaryndan Hytaýa harytlyk gazyň 300 milliard kub metri eksport edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň içerki bazarynda mawy ýangyja bolan isleg artýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda täze hem-de kuwwatly gaztrubinaly elektrostansiýalar we gazy gaýtadan işleýän iri toplumlar işe girizildi. Olara mysal hökmünde Gyýanlydaky polimer zawodyny, “Garabogazkarbamid” zawodyny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiki taýdan arassa sintetiki benzin öndürýän senagat toplumyny aýtmak bolar.

Awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýerleşýän dünýäniň iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käninde üç gaz guýusynyň gurluşygynyň başlanmagy sebäpli dabaraly çäre geçirildi. Garaşylyşy ýaly, her bir guýynyň akymy ortaça bir gije-gündizde 3 million kub metr gaza deň bolar.

2022