“Apple” täze “iPhone 13” smartfonlary bilen tanyşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Apple” täze “iPhone 13” smartfonlary bilen tanyşdyrdy
“IPhone 13 Pro” (Surat: "Apple Inc")

“Apple” kompaniýasy sişenbe güni has güýçli prosessora we ýiti kameralara eýe bolan “iPhone 13” smartfonlarynyň dört görnüşiniň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Ol telefonlaryň başlangyç bahalary geçen ýyl tanyşdyrylan “iPhone 12” modellerinden ýokary däldir.

“iPhone 13” modelleriniň hemmesinde teksti awtomatiki terjime etmek ýaly aýratynlyklara mümkinçilik berýän täze “A15 Bionic” prosessorlary oturdylandyr. Şeýle hem telefonlar wideo düşürilýän wagty fokusy awtomatiki üýtgetmek mümkinçiligi bolan kinomatik režim ýaly täze aýratynlyklary bolan kämilleşdirilen kameralara eýedir. Bu barada “Apple” kompaniýasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Kompaniýanyň bellemegine görä, has güýçli prosessory, 5G aragatnaşyk ulgamy, has gowy kameralary we beýleki aýratynlyklara garamazdan, “iPhone 13” modelleriniň batareýasynyň kuwwaty has uzaga gidýär.

Ekrany 6.1 dýumly “iPhone 13” modeliniň başlangyç bahasy 799 ABŞ dollaryna barabardyr. Ekrany 5.4 dýumly “iPhone 13 Mini” bahasy 699 ABŞ dollaryndan başlar. Kompaniýanyň “iPhone 13 Pro” görnüşiniň bahasy 999 ABŞ dollaryndan, iň uly “Pro Max” 1 müň 99 ABŞ dollaryndan başlar. Telefonlaryň ählisi 24-nji sentýabrdan başlap elýeterli bolar.

Iki sany kämilleşdirilen kameraly “iPhone 13” we “iPhone 13 mini” görnüşleri gülgüne, açyk we ýapyk gök, kümüşsöw ak (starlight) we gyzyl reňklerde, 128 GB, 256 GB we 512GB göwrümlerde hödürleniler. “iPhone 13 Pro” we “iPhone 13 Pro Max” 128 GB, 256 GB, 512 GB we täze 1 TB göwrümlerinde grafit, altyn, kümüş we sierra gök reňklerde satylar.

Üç kameraly “iPhone 13 Pro” telefonynyň has uly batareýasy, täze “Super Retina XDR” ekrany bardyr. “iPhone 13 Pro” telefonlarynda makro surata düşüriş aýratynlygy bary-ýogy 2 santimetr aralykda duran jisimleriň ýakyndan suratlaryny almaga mümkinçilik berýär.

 “iPhone 13” modellerinden başga-da, “Apple” kämilleşdirilen 10.2 dýuýmlyk “iPad”, has güýçli “iPad Mini” planşetlerini we täze “Apple Watch Series 7” sagadyny hem hödürledi.