"MEBATO" tekstil önümlerini Ýewropa we ABŞ-a eksport etmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
"MEBATO" tekstil önümlerini Ýewropa we ABŞ-a eksport etmekçi
"MEBATO"-nyň önümler 100% pagta hem-de 80% pagta-20% poliester gatnaşygynda öndürilýär. (Surat: “CentralAsia.news”)

“MEBATO” haryt nyşanly egin-eşiklerini öndürýän kärhana önümlerini GDA ýurtlaryna, Ýewropa we ABŞ-a eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada kärhananyň müdiri Toýly Annaýew çarşenbe güni “CentralAsia.news” web sahypasyna beren interwýusynda habar berdi.

Kompaniýanyň müdiriniň aýtmagyna görä, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän tikin kärhanasy erkekler we çagalar üçin egin-eşikleriniň önümçiligini üstünlikli ýola goýdy.Önümçilik kärhanasynda gurnalan Italiýanyň we Türkiýäniň ýokary hilli, döwrebap tikin enjamlary günde 2 müň sany köýnek öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanada 4 sany bölüm hereket edip, bu ýerde köýnek bilen bir hatarda balak, çaga egin-eşikleri we erkekler üçin içgi geýimler, şeýle-de güýz we gyş eşikleri öndürilýär. Mundan başga-da kompaniýa edara-kärhanalaryň we guramalaryň sargytlary boýunça önümleri öndürýär diýip, Annaýew aýtdy.

Müdiriň belleýşi ýaly, önümçilik üçin materiallar ýurdumyzyň Ruhabat dokma toplumyndan, şeýle hem Türkiýeden getirilýär. Önümler 100% pagta hem-de 80% pagta-20% poliester gatnaşygynda öndürilýär. Önümleriň görnüşini ýygy-ýygydan üýtgetmek we dolanyşyk bilen netijeli işlemek üçin matalar kiçi tapgyrlarda satyn alynýar.

“MEBATO” brendi 2020-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda kärhanada 200-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kompaniýa geljekde täze iş orunlaryny döretmegi meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022