“Tejenkarbamid” zawodynyň durky täzelener

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tejenkarbamid” zawodynyň durky täzelener
Tejen şäherinde 2005-nji ýylda gurlan “Tejenkarbamid” kärhanasy karbamid önümçiligi boýunça Türkmenistanda ilkinji zawodlaryň biridir.

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny düýpli täzelemek göz öňünde tutulýar. Degişli işler barada wise-premýer Çarymyrat Purçekow penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer hasabatynda ýurdumyzyň himiýa önümçilikleriniň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada maglumat berdi.

Hasabata görä, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny karbamid döküni bilen diňe bir doly üpjün etmän, ony köp mukdarda eksporta hem ugradýar. Häzirki wagtda onuň eksport edilýän mukdaryny artdyrmak üçin ýurdumyzyň karbamid zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

“Türkmenhimiýa” konserniniň “Tejenkarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen, onuň tehnologik enjamlarynda we desgalarynda tehniki seljerme işlerini geçirmek, zerur işleriň sanawyny ýerine ýetirmek boýunça degişli işler ýola goýulýar diýip, Çarymyrat Purçekow belledi.

Wise-premýer “Türkmenhimiýa” konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde, “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny düýpli täzelemek boýunça maýa goýmak hem-de onuň üçin öndüriljek goşmaça önüm bilen hasaplaşmak baradaky teklipler öwrenilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilmeginiň hem-de doly önümçilik kuwwatyna çykarylmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny täzelemek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnama baglaşmak baradaky meseläni ýene bir gezek içgin öwrenmek hem-de oňa garamak üçin degişli düzümlere ibermek tabşyryldy.

Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 2005-nji ýylda gurlan “Tejenkarbamid” kärhanasy karbamid önümçiligi boýunça Türkmenistanda ilkinji zawodlaryň biridir. Zawodyň ýyllyk taslama kuwwaty 350 müň tonna karbamid önümçiligine barabardyr.

2022