Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren hökümet mejlisinde Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň bilelikde ýurdumyzda iri önümçilik taslamalaryna maýa goýmaklary we bilelikdäki maýa goýum edarasyny döretmekleri boýunça teklibi tassyklady.
Degişli teklip Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe we ykdysady toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Wise-premýer ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanda üç sany taslamany durmuşa geçirmek üçin maýa goýmak we karzlary çekmek boýunça resminamalara gol çekmäge ylalaşylandygy barada hem hasabat berdi.
Resminamalar Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy baradaky Çarçuwaly ylalaşygy, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk dökünleri öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada karz ylalaşygyny we bilelikdäki Maýa goýum edarasyny döretmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda esaslandyryjylaryň Ylalaşygyny öz içine alýar.
Türkmen wekiliýeti BAE-niň “Mubadala” maýa-goýum kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirdi diýip, wise-premýer aýtdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar nebitgaz ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek meselesine garadylar. Şeýle hem taslamalary maliýeleşdirmek babatda degişli işleri geçirmek barada pikir alşyldy we özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak barada ylalaşyldy.
Şeýle-de BAE-niň gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Masdar” kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň barşynda ýurdumyzda Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köpugurly bekediň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, degişli Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak meselesi ylalaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belledi we göz öňünde tutulan çäreleriň öz wagtynda hem-de takyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.