Türkmenistanyň Prezidenti: ŞHG-niň dünýäniň wehimlerine garşy göreşmekde orny ýokarydyr

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti: ŞHG-niň dünýäniň wehimlerine garşy göreşmekde orny ýokarydyr
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammiti, Duşanbe, Täjigistan (Surat: TehranTimes)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy. Sammitiň barşynda hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda tutuş dünýäniň täze çylşyrymly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolan mahalynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornunyň ýokarlanýandygyny belledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, sammite Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han hem-de ŞHG-niň ýanynda synçy derejesine eýe bolan döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlary, şol sanda Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi we sanly ulgam arkaly Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh gatnaşdylar.

Şeýle-de SHG-niň agzalary bolan Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda pandemiýanyň täsirini azaltmakda, kontinental ykdysady we ulag gatnaşyklaryny, düzümleri hem-de logistikany dikeltmekde guramanyň mümkinçilikleriniň we toplan tejribesiniň örän zerur bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprelinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny Türkmenistanda guramagy meýilleşdirýändigini sammite gatnaşyjylara habar berdi we ŞHG-ä agza döwletleri bu möhüm foruma gatnaşmaga çagyrdy. Türkmen tarapy oňa adatdan daşary şertlerde hem-de çökgünliklerden soňky döwürde halkara ulag hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça anyk we iş ýüzündäki gepleşikler üçin gowy mümkinçilik hökmünde garaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz ŞHG bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris hem-de Merkezi Aziýa sebitini çalt depginler bilen ösdürmek, kontinental ähmiýetli möhüm ulag-logistiki we ykdysady merkeze, Ýewraziýada durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň ygtybarly merkezine öwürmek maksady bilen, onuň geljeginiň uludygyna ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny tamamlap, ýurdumyzyň bilelikdäki netijeli işe taýýardygyny tassyklady.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Baştutanlary tarapyndan döredilen halkara guramadyr. Häzirki wagtda bu gurama Hindistan we Pakistan hem girýär. 2021-nji ýylda Täjigistan ŞHG-a başlyklyk edýär. Eýran Yslam Respublikasy şu ýyl ŞHG-a agza döwlet hökmünde kabul edildi.

2022