Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabadyň gazna biržasynyň wekilleriniň Ermenistanyň gazna biržasynyň hünärmenleri bilen şenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly gepleşigi geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar birža söwda işlerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem ýurtlaryň arasynda bar bolan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň binýadyny giňeltmek meselelerine garadylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikow ýolbaşçylyk etdi.
Habara görä, bu maslahat özara tejribe alyşmaga we iki ýurduň arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine täze itergi bermäge gönükdirildi. Şunuň bilen baglylykda, ministriniň orunbasary Toýly Mälikow dowamly özara gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýän Türkmen-ermeni ykdysady hyzmatdaşlyk hökümetara toparynyň ornuna ünsi çekdi.
Maslahata gatnaşyjylar Aşgabadyň we Ermenistanyň gazna biržalarynyň alyp barýan işleri bilen tanşandan soňra, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Gepleşigiň ahyrynda türkmen tarapy ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjek gymmatly kagyzlar bazarynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşmak başlangyjy bilen çykyş etdi.