Aşgabatda Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli sergi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli sergi geçiriler
Iki günlük sergide ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilýän önümler görkeziler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi 21-22-nji sentýabr aralygynda geçiriler we sergide ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler görkeziler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habara görä, iki günlük sergide ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilýän hem-de içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly isleg bildirilýän önümler görkeziler.

Serginiň çäklerinde täze önümleri, maýa goýum taslamalaryny, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň iri kärhanalarynyň ösüş maksatnamalarynyň geljekde göz öňünde tutulýan ugurlary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümleri bilen tanyşdyrmak boýunça mahabat çäreleri göz öňünde tutulýar.

Penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirlen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän sergiler ýetilen sepgitleri görkezmek, netijeli mahabat işlerini alyp barmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we şertnamalary baglaşmak hem-de bazar meýillerini öwrenmek we onda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri berýändigini belledi.

Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we giň möçberli serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çary Gylyjowa anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022