“Owadan ülke” täze souslaryň önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Owadan ülke” täze souslaryň önümçiligine başlady
''Owadan ülke'' ýurdumyzyň welaýatlaryna gününe 8 tonna önüm ugradýar.

“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti “NUR” haryt nyşanly sarymsakly, kömelekli we peýnirli souslaryň önümçiligine başlady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergide kompaniýanyň wekiliniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatlaryna görä, täze souslar 400 gramlyk çüýşe gaplarda satylýar.

Kompaniýa şeýle hem täze “Hazyna” haryt nyşanly maýoneziň önümçiligini ýola goýdy.

Bu täze maýoneziň aýratynlygy, onuň önümçiliginde adaty ulanýan günabakar ýagynyň deregine pagta çigidiniň ýagy ulanylýar. “Hazyna” haryt nyşanly maýonezler üç görnüşde, ýagny 20%, 40% we 55% ýaglylykda öndürilýär. Önümçilikde esasan ýerli çig mal ulanylýar.

Hojalyk jemgyýeti “NUR” we “Mylaýym” haryt nyşanlary bilen gök we miwe önümleriniň konserwlerini, maýonez, üwmeç we dürli mürepbeleri öndürýär hem-de haryt dürlüligini barha giňeldýär we önümçiligini artdyrýar.

Kompaniýa tarapyndan gününe 8 tonna önüm ýurdumyzyň welaýatlaryna ugradylýar. Häzirki wagtda kärhana önümlerini Gazagystana we Birleşen Arap Emirliklerine eksport etmek üçin gepleşikleri alyp barýar.

“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda işe girizilip, ýurdumyzyň azyk ulgamynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri esasy öndürijileriň biri bolup durýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022