“Bagtyýar gurluşyk” polipropilen ýüplükleriniň eksportyny ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bagtyýar gurluşyk” polipropilen ýüplükleriniň eksportyny ýola goýmakçy
Kärhana her gün 22 tonna ýokary hilli polipropilen ýüplüklerini öndürýär.

Haly we haly önümleri üçin polipropilen ýüplüklerini öndürýän “Bagtyýar gurluşyk” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda önümlerini eksport etmek boýunça işjeň gepleşikleri alyp barýar.

Kompaniýanyň wekiliniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusynda aýtmagyna görä, kärhana her gün 22 tonna ýokary hilli polipropilen ýüplüklerini öndürýär. Ýüplükler ak, gara, gyzyl, ýaşyl, gök we çal reňklerde, şeýle hem müşderleriň islegi boýunça öndürilýär.

Kompaniýa polipropilen ýüplükleri öndürmek üçin çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän “Bagtyýar gurluşyk” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýanyň wekiliniň belleýşi ýaly, kompaniýanyň hödürleýän önümleri ýokary halkara standartlaryna doly laýyk gelýär.

Polipropilen ýüplükleri haly we haly önümlerini dokamak üçin giňden ulanylýar.  Bu ýüplüklerden dokalan halylar şeklini we reňkini saklamagy bilen birlikde uzak wagtlap hyzmat etmegi, berkligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

Önümler barada goşmaça maglumatlar:

  • Görnüşi: haly önümleri üçin polipropilen ýüplügi
  • Gaplama: polietilen plýonka bilen örtülen paletler
  • Dykyzlygy (Dtex): 1000-4000
  • Töleg şertleri: bankyň üsti bilen 50% öňünden tölemek, 50% - ýükleri ugratmazdan öňünçä tölemek şertinde.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda TSTB-niň senagat zolagy, Binägar köçesi 17 jaý

Tel: +993 12 575111, +993 65 705202

E-mail: bagtyyargurlushyk@sanly.tm

2022