Türkmenistanda haýsy amallara salgyt salynýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda haýsy amallara salgyt salynýar?
Türkmenistanda harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek, şeýle hem emläk hukuklaryny bermek amallaryna salgyt salynýar.

Salgyt töleýjiler tarapyndan Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” bitewi kanunynyň 98-nji we 99-njy maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň çäklerinde geçirilýän salgyt salynýan amallar goşulan baha üçin salgyt salynýan binýat bolup durýar.

Şu aşakdaky amallar salgyt salynýan amallar diýlip ykrar edilýär:

  • harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek, şeýle hem emläk hukuklaryny bermek;
  • öz hajatlary üçin gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek;
  • görkezilenler diňe satyn alynýan ýa-da öndürilýän enjamy gurnamak we (ýa-da) oturtmak bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilmegini şeýle hem ony abatlamagy öz içine almaýar;
  • harytlar ogurlananda ýa-da zaýalananda günäkär taraplardan ýetirilen zyýanyň öwez töleginiň alynmagy, şeýle hem ätiýaçlandyryş öwezini dolmalar;
  • degişli harajatlar peýda (girdeji) salgydyny hasaplamak üçin kabul edilýän aýyrmalara goşulmaýan halatynda (şol sanda ulanyş tölegleriniň üstünden hem), özüniň sarp etmegi üçin harytlary peýdalanmak, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek.

Şu aşakdakylar salgyt salynýan amallar diýlip ykrar edilmeýär:

a) amallaryň numizmatika maksady ýok bolsa, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň tabşyrygy boýunça edara görnüşli tarapyň taýýarlan puluny ýerlemegi bilen baglanyşykly bolmadyk, puly saklamak, inkassasiýa etmek boýunça hyzmat bolup durmaýan halatlarynda, kanuny töleg serişdesi bolup durýan daşary ýurt pullarynyň, pullaryň, banknotlaryň dolanyşygy;

b) gymmatly kagyzlaryň dolanyşygy (kärhana paýly gatnaşmak hukugyny aýrybaşgalamak), olar boýunça dellalçylyk we araçyllyk hyzmatlary muňa girmeýär; kredit (ssuda) bermek we şolar boýunça göterimleri almak;

ç) aşakdakylary muzdsuz bermek:

- edara görnüşli tarap üýtgedilip guralanda onuň hukuk mirasdüşerine (hukuk mirasdüşerlerine) şol edara görnüşli tarapyň esasy serişdelerini, maddy däl aktiwlerini we (ýa-da) beýleki emläklerini;

- döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça durmuş we önümçilik maksatly desgalary (ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş öýleri, zawodlar, fabrikler we şulara kybapdaş beýleki desgalar);

- haýyr-yhsan guramalary tarapyndan harytlar berlende (işler muzdsuz ýerine ýetirilende we hyzmatlar edilende);

- ynsanperwerlik ýa (ýa-da) haýyr-yhsan kömegi hökmünde harytlar berlende (işler muzdsuz ýerine ýetirilende we hyzmatlar edilende);

d) emläk aýrybaşgalananda:

- döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin ýa-da ýeriň, medeni gymmatlyklaryň bolmalysy ýaly peýdalanylmaýandygy sebäpli, döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça alynmaga degişli ýer böleginde ýerleşen emläkler;

- miras alynýan emläge bolan eýeçilik hukugy döwletiň haýryna mejbury alnanda, döwletiň haýryna geçirilende ýa-da başga birine berlende, şeýle hem eýesiz galan emläk ýa-da hazynalar döwlet tarapyndan kabul edilende;

e) daşary ýurt döwletleri ýa-da halkara guramalary ýa şahsy taraplar tarapyndan Türkmenistana berilýän halkara ynsanperwer, maliýe we tehniki kömeginiň we kreditleriň (karzlaryň) maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň çäklerinde harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek. Görkezilenler şu taraplara degişlidir:

- daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň ýa-da şahsy taraplaryň harytlary (işleri, hyzmatlary) şunuň ýaly ýerlemegi amala aşyrmaga ygtyýarly eden adamlaryna;

- şeýle kömegi we kreditleri (karzlary) alyjylar hökmünde bellenilen taraplara;

- tölegi görkezilen serişdeleriň hasabyna geçirilýän, ýokarda görkezilen ygtyýarly edilen taraplar bilen we şeýle kömegi hem-de kreditleri (karzlary) alýanlar bilen şertnama boýunça iberijiler (işleri ýerine ýetirijiler, hyzmatlary edijiler) bolan taraplara;

ä) telekeçi däl edara görnüşli taraplar tarapyndan, peýda almak maksady bolmazdan harytlaryň ýerlenmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi;

f) eger görkezilen işleri ýerine ýetirmegiň (hyzmatlary etmegiň) hökmanylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen halatlarynda, işiň belli bir ugrunda olaryň üstüne ýüklenilen aýratyn wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işleri ýerine ýetirmegi (hyzmatlary etmegi). Görkezilenler hususan-da döwlet ýangyna garşy göreş gullugynyň hyzmatlaryny, gümrük hyzmatlaryny, harytlary (işleri, hyzmatlary) güwälendirmek boýunça hyzmatlary, beýleki şular ýaly işleri we hyzmatlary özünde jemleýär;

g) harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemek baradaky ylalaşykdan gelip çykýan talaplara hukugy ilki başdan bermek ýa-da görkezilen talaplaryň kanun esasynda başga tarapa geçmegi;

h) emlägiň gaýry edara görnüşindäki taraplaryň we şereketleriň esaslyk maýalaryna gatançlar hökmünde berilmegi;

i) döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan baglaşylan daşary söwda şertnamalary esasynda satyn alnan harytlaryň peýda almak maksady bolmazdan, öz tabynlygyndaky edaralaryna we kärhanalaryna ýerlenilmegi.

j) ýük wagonlary, konteýnerleri bilelikde ulanmak we hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky halkara ylalaşyklaryň çäklerinde işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi.

Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” bitewi kanunynyň maksatlary üçin ýerlenýän ýa-da ýerlenmäge niýetlenen emläk haryt diýlip ykrar edilýär. Elektrik we ýylylyk energiýasyna, gaza, suwa haryt hökmünde seredilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022