Çawuşogly: Türkmenistan Türki geňeşe synçy hökmünde goşular

BIZNES TÜRKMENISTAN
Çawuşogly: Türkmenistan Türki geňeşe synçy hökmünde goşular
Istanbul, Türkiýe

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) döwlet Baştutanlarynyň 8-nji sammiti şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler. Türkmenistan bu Geňeşe synçy hökmünde goşular. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň beren beýanatyna salgylanyp, “Interfaks-Azerbaýjan” agentligi duşenbe güni habar berdi.

“Şu gün Türk geňeşiniň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda 12-nji noýabrda Stambulda geçiriljek guramanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji sammitiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sammitde Geňeş üçin taryhy ädimler ädiler” diýip, Türk geňeşiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ýygnagyndan soň Çawuşogly duşenbe güni Ankarada geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Türk diplomaty Stambulda geçiriljek sammitde Türkmenistanyň Türk geňeşine synçy hökmünde goşuljakdygyny habar berdi. Şeýlelik bilen, biziň maşgala suratymyz bitewi bolar diýip, ýokary derejeli diplomat belledi.

Şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Türk geňeşine aýratyn statusda girmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine ýörite derejede goşulmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda döredildi. Häzirki wagtda Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkiýe we Özbegistan Geňeşiň agzalary bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022