Eýran Sarahs demir ýol geçelgesi arkaly eksportyny üç esse artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Sarahs demir ýol geçelgesi arkaly eksportyny üç esse artdyrdy
Şu ýylyň ýaz we tomus möwsümlerinde Eýranyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Sarahs geçelgesiniň üsti bilen 600 müň tonna golaý ýük eksport edildi.

Eýran 2021-nji ýylyň ýaz we tomus möwsümlerinde Sarahs demir ýol geçelgesiniň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üç esse artdyrdy. Bu barada Horasan demir ýollarynyň müdiri Mustafa Nasyryň aýdanlaryna salgylanyp, Eýranyň IRNA agentligi duşenbe güni habar berdi.

Mustafa Nasyryň bellemegine görä, degişli döwürde Sarahs demir ýol geçelgesinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna 9 müň 500-den gowrak wagonlarda 600 müň tonna golaý ýük eksport edildi.

Eksport harytlarynyň 550 müň tonnasy (umumy mukdarynyň 92%-i) Horasan Razawi welaýatynyň paýyna düşýär diýip, Mustafa Nasyry nygtady.

Sarahs demir ýol geçelgesinden Merkezi Aziýa döwletlerine eksport edilýän harytlaryň arasynda sement (36%) birinji ýerde durýar diýip, Nasyry sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle hem Mustafa Nasyrynyň bellemegine görä, bu demir ýoly arkaly ugradylan ýükleriň aglaba bölegi Özbegistana (45%) we Türkmenistana(41%) eksport edildi.

Sarahs serhetýaka şäheri Horasan Razawi welaýatynyň paýtagty Maşad şäheriniň 202 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022