“Geljege Miras” hususy kärhanasy häzirki wagtda önümlerini GDA ýurtlaryna hem-de Türkiýä eksport edýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergide kompaniýanyň wekiliniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatlaryna görä, kärhana häzirki wagtda önümlerini Moldawiýa we Gazagystana ibermegi meýilleşdirýär.
Kärhana ýokary hilli polimer önümlerini, ýagny dürli ölçegli haltalary, gurluşykda ulanylýan plasmas dýubelleri, şahsy gorag serişdesini (kaskany), miwe we bakja önümleri üçin plasmas sebetleri, polipropilen monofilament ýüplüklerini öndürýär.
Şeýle hem kärhana ýylda polipropilen we polietilen çig malyndan 1 million kiçi we 500 müň uly ölçegli haltalary öndürmäge mümkinçiligi bar. Kärhana sagatda 400 kilograma çenli monofilament ýüplügini öndürmäge ukyplydyr.
Bu ýerde Awstriýanyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän “Geljege Miras” hususy kärhanasy 2013-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda önümçilik kärhanasynda 120 hünärmen zähmet çekýär.