Pagtanyň bahalary geçen on ýylyň iň ýokary derejesine ýetýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pagtanyň bahalary geçen on ýylyň iň ýokary derejesine ýetýär
Esasy pagta ösdürip ýetişdirýän birnäçe ýurtlar howa şertleri bilen bagly kynçylyklara sezewar bolýarlar.

Ýaramaz howa şertleriniň we logistika meseleleriniň pagtanyň üpjünçiligine täsiri netijesinde, onuň bir funtynyň (1 kilogram ≈ 2,2 funt) bahasy 1 ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji soňky on ýylyň iň ýokary derejesi bolup, ol dünýäde egin-eşikleriň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Bu barada “Bloomberg” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Habara görä, esasy pagta ösdürip ýetişdirýän birnäçe ýurtlar howa şertleri bilen bagly kynçylyklara sezewar bolýarlar. Mysal üçin dünýäniň iň uly pagta eksport edijisi bolan ABŞ-da ýagyşyň aşa ýagmagy pagta hasylyna ýaramaz täsir etdi. Şol bir wagtyň özünde pagta alyjylar süýümiň importyny köp mukdarda artdyrdylar. Meksika we Hytaý özleriniň importlaryny rekord derejede ýokarlandyrdylar. Logistika hyzmatlarynyň bahalarynyň ösmegi we geosyýasy meseleler hem pagtanyň üpjünçiligine ýaramaz täsirlerini ýetirýär.

Nýu-Ýork biržasynda pagtanyň dekabr üçin şertnamasynyň bahasy 3,6% ýokarlanyp, bir funty 1,0155 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu baha 2011-nji ýylyň noýabryndan bäri iň ýokary görkezijidir. Pagtanyň bahasy şu ýylyň başyndan bäri 28% ýokarlandy.

Pagtanyň bahasynyň 1 ABŞ dollaryndan aşmagy möhüm bolmagyna garamazdan, onuň bahasy 2011-nji ýylda bolşy ýaly 2 ABŞ dollaryndan geçmez diýip, Tennessi ştatynda ýerleşen “Rose Commodity Group” analitiki kompaniýasynyň gözleg işleri boýunça müdiri Luiz Rowz belledi.

On ýyl mundan öň Hytaýda pagta gutardy diýen ýalydy, emma bu gezek beýle däl diýip, Luiz Rowz sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarda bellenilişi ýaly, pagta bahalaryň göterilmegi egin-eşik öndürmek üçin çykdajylaryň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Eger-de, lomaý satyjylar çykdajylary alyjylaryň boýnuna geçirjek bolsalar egin-eşikleriň ählisiniň bahasy galyp biler. 

2022