“Transmaşholding” Türkmenistana ýolagçy we ýük teplowozlaryny ugratdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Transmaşholding” Türkmenistana ýolagçy we ýük teplowozlaryny ugratdy
Teplowozlar Aşgabatdaky lokomotiw menziline iberildi. (Surat: “Transmaşholding”)

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň “Transmaşholding” kompaniýasyndan ТEP70BS kysymly ýolagçy teplowozyny we 2TE25KM kysymly ýük teplowozyny satyn aldy.

“Transmaşholding” kompaniýasynyň metbugat gullugynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, teplowozlar Aşgabatdaky lokomotiw menziline iberildi. Teplowozlar 2020-nji ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda getirildi.

ТEP70BS kysymly ýolagçy teplowozy, ini 1520 mm bolan relsli demirýollarda ýolagçy otlulary sürmek üçin niýetlenendir. Teplowozyň her bölüminiň kuwwaty 2942 kWt-a (4000 at) deňdir. Bu görnüşli teplowozlar Russiýanyň, Litwanyň, Belarusyň, Özbegistanyň esasy demir ýollarynda ýolagçylary gatnatmak üçin ulanylýar.

2TE25KM – bu elektrik geçirijili iki bölümden ybarat bolan ýük teplowozydyr we 6 müň 400 tonna çenli agramy bolan otlyny sürmäge ukyplydyr. Ýük teplowozlary Russiýanyň we Mongoliýanyň demir ýollarynda hem-de ýurdumyzyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň iri senagat kärhanalarynda giňden ulanylýar.

“Transmaşholding” kompaniýasy demirýol we şäher transport ulgamlary üçin hereketlendiriji düzümi öndürmekde ýöriteleşen Russiýanyň iri kompaniýasydyr. Kompaniýa elektrik lokomotiwleri, teplowozlary, ýük we ýolagçy wagonlary, şeýle hem elektrik otlularyň we metrolaryň wagonlaryny öndürýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022