Ýewropada gazyň 1 müň kub metriniň bahasy iki gün yzygiderli 1 müň ABŞ dollaryndan ýokary bolup, iň ýokary derejä ýetdi. Penşenbe güni “ICE Futures” biržasynda irdenki söwdalarda TTF indeksi esasynda tebigy gazyň noýabr aýy üçin 1 müň kub metriniň bahasy 1 müň 102 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada biržanyň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi habar berýär.
Agentligiň habar bermegine görä, sentýabr aýynda Gollandiýadaky TTF tebigy gaz biržasynda (Ýewropanyň esasy gaz söwda biržasy) ertesi gün üçin gazyň 1 müň kub metriniň şertnamalarynyň bahasy 759 ABŞ dollaryna deňdi.
Ýewropada gaz üpjünçiliginiň ýetmezçiligi sebäpli (gaz geçirijilerden we suwuklandyrylan görnüşde) Ýewropa iri Aziýa bazary bilen suwuklandyrylan tebigy gaz üçin bäsleşmäge mejbur bolýar.
Geçen agşam Aziýanyň “JKM Platts” suwuklandyrylan tebigy gaz indeksi ýenede 23 ABŞ dollar artyp, ol boýunça suwuklandyrylan gazyň 1 müň kub metriniň şertnamalarynyň bahasy 1 müň 171 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu artyş Ýewropada söwdalaryň açylmagy bilen awtomatiki usulda gazyň bahalarynyň gymmatlamagyna sebäp boldy diýip, “Interfaks” agentligi belleýär.
2018-nji ýylyň mart aýynda Ýewropada aşa sowuk howa şertleri netijesinde tebigy gazyň bir müň kub metri üçin bahasy 1 müň ABŞ dollaryna golaýlapdy. 2018-nji ýylyň 1-nji martynda Gollandiýadaky TTF esasy tebigy gaz biržasynda ertesi gün üçin gaz şertnamasynyň bir müň kub metri üçin bahasy 969 ABŞ dollaryna deň bolupdy.