USAID Merkezi Aziýanyň 11-nji söwda forumyny gurnaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID Merkezi Aziýanyň 11-nji söwda forumyny gurnaýar
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň edara binasy, Waşington, ABŞ

Merkezi Aziýanyň 11-nji halkara söwda forumy 4-8-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Şu ýyl çäre “Pandemiýadan soň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly dikeldiş” ady bilen geçiriler.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat USAID tarapyndan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gurnalar. Bu forum bäş iş gününe niýetlenip, on sany mejlis we iki sany tegelek stoly geçiriler.

Uly möçberli çärä gatnaşýanlar bilen bilimlerini paýlaşmaga çagyrylan 80 bilermenleriň arasynda Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Tatýana Proskurýakowa, ITC-iň barlaglar we eksport strategiýalary bölüminiň ýolbaşçysy Barbara Oliweýra Ramos, Makao Ylmy-tehnologik uniwersitetiniň professory Wiki Ku bar.

Şeýle hem Merkezi Aziýa halkara söwda forumynyň çäklerinde “CERT Academy” trening kompaniýasy bilen bilelikde ISO esasynda 2021-nji ýylda täze halkara ölçegleri boýunça onlaýn-maslahat geçiriler.

Forum geçirilen ýyllaryň dowamynda oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 10 müňe golaý adam gatnaşdy. Duşuşyklaryň esasy maksatlary işewürligi üstünlikli amala aşyrmak üçin pikirleri we çözgütleri alyşmakdan hem-de uzak möhletleýin halkara işewür gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022