Türkmen telekeçileriniň täze önümleri satuwa çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileriniň täze önümleri satuwa çykaryldy
TSTB-niň 13 ýyllygy mynasybetli sergi, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine (TSTB) agza bolan Ahal welaýatynda hereket edýän kärhanalar täze önümlerini ýurdumyzyň bazarlaryna satuwa çykardylar. Täze harytlar ýerli ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habara görä, “Türkmen berk metal” hususy kärhanasy zyýansyzlandyryş serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy. Bu önümler dürli ölçegdäki gaplara gaplanylýar. Täze önüm Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän TSTB-niň senagat zolagynda öndürilýär. Kompaniýanyň zyýansyzlandyryş serişdeleriniň düzümi 60% etil spirtinden we hoşboý yslardan ybarat bolup, “Arýa” haryt nyşany bilen çykarylýar.

Şeýle-de okuw ýylynyň başynda “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilen dört görnüşli topukçaly syýagalamlar içerki bazarda satylyp başlandy. Kärhana önüm öndürmekde esasan ýerli çig maly ulanyp, diňe syýa doldurgyç we syýagalamyň ujyny import edýär. Kompaniýanyň önümçilik kärhanasy Änew şäherinde ýerleşýär.

Şu ýyl Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Täze saba” hojalyk jemgyýeti “CVDent” haryt nyşanly diş çotgalarynyň önümçiligini ýola goýdy. Diş çotgalary çagalar we ulular üçin niýetlenip, dürli ölçeglerde öndürilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Ynamly ojak” hususy kärhanasynyň çüýşeli içgiler üçin gaplaryň metal gapaklaryny öndürmek boýunça zawody işe başlamaga taýýar edildi. Geljek ýyl kärhana çüýşe gaplaryny öndürmegi hem meýilleşdirýär. TSTB-niň senagat bölüminiň belleýşi ýaly, bu önümleriň bölekleriniň 85%-i ýerli çig maldan we galan 15%-i bolsa import edilen önümlerden ybarat bolar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda TSTB ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan 25 müňden gowrak telekeçini özünde jemleýär.

2022