Türkmenistanyň Prezidenti indiki hepde Özbegistana sapar eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti indiki hepde Özbegistana sapar eder
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (Surat: UzA)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-5-nji oktýabr aralygynda Özbegistana resmi sapar amala aşyrar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu resmi sapara görülýän taýýarlyklar barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer häzirki wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly işler geçirilýändigini aýtdy.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, saparyň çäklerinde Türkmen-özbek ykdysady forumy ýaly birnäçe möhüm çäreler meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz taraplaryň ähli ugurlarda netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmegi ugur edinýändigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistana boljak resmi sapara hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewral aýynda ýola goýuldy. Häzir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny 221 sany resminama düzýär.

2022