“Del” aýda 180 tonna golaý polietilen torbalaryny öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Del” aýda 180 tonna golaý polietilen torbalaryny öndürýär
Kärhananyň önümleri esasan hem dokma önümçiliginde taýýar egin-eşikleri gaplamakda ulanylýar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Del” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda aýda 180 tonna golaý polietilen torbalary öndürilýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa önümçilik üçin gerek bolan çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar.

Şeýle-de hojalyk jemgyýetiniň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda polipropilen örtgüleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Kuwwatlylygy aýda 120 tonna deň bolan kärhanada Türkiýäniň döwrebap enjamlary ýerleşdirilendir.

Kärhanada öndürilýän polipropilen örtgüleriň ini 10 santimetrden 100 santimetr aralykda bolup, galyňlygy 0,01 millimetrden başlap, 0,07 millimetre çenlidir. Bu önümler, esasan, dokma önümçiliginde taýýar egin-eşikleri gaplamakda ulanylýar.

“Del” hojalyk jemgyýeti önümçiligini 2020-nji ýylda ýola goýdy. Häzirki wagtda kompaniýa öndürýän önümlerini Türkiýe Respublikasyna eksport edýär.

2022