Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy üç esse artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy üç esse artdy
Özbek-türkmen ykdysady forumyna ýurtlaryň wise-premýerleri Sardor Umurzakow we Esenmyrat Orazgeldiýew gatnaşdy. (Surat: “Sputnik Özbegistan”)

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky birnäçe ýylda üç esse artdy. Bu barada Özbegistanyň wise-premýeri Sardor Umurzakow Özbek-türkmen ykdysady forumynda mälim etdi.

Özbek-türkmen ykdysady forumy duşenbe güni Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde öz işine başlady. Bu foruma iki ýurduň wise-premýerleri Sardor Umurzakow we Esenmyrat Orazgeldiýew gatnaşdy. Bu barada “Sputnik Özbegistan” agentligi habar berýär.

Forumyň dowamynda Umurzakow şu ýyl Özbegistanyň Ýewropa Bileleşiginiň GSP+ artykmaçlyk berýän ulgamyndan peýdalanmaga hukuk gazanandygyny belledi. Bu ulgam Ýewropa gümrük paçsyz 6 müňden gowrak dürli görnüşli harydy eksport etmäge mümkinçilik berýär. Özbegistanyň wise-premýeriniň aýtmagyna görä, iki ýurduň telekeçileri bu pursatdan peýdalanyp, senagaty we eksporty bilelikde ösdürip bilerler.

Şeýle hem Sardor Umurzakow soňky birnäçe ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň üç esse artandygyny we şu ýylyň sekiz aýynda 25% ýokarlandygyny aýtdy.

Resmi statistika maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 527 million ABŞ dollaryna, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda bolsa 418 million 100 ABŞ dollaryna deň boldy.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň sekiz aýynda ýurtlaryň çäginden üstaşyr gatnawlaryň mukdary 13,5% ýokarlandy. Aşgabat ylalaşygynyň çäginde döwletler Russiýa-Gazagystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Hindistan we Hytaý-Merkezi Aziýa-Hazar-Günorta Kawkaz-Ýewropa sebitleýin ulag geçelgelerini döretmäge gatnaşýarlar. Bu geçelgeleriň Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyny has-da işjeňleşdirmegine garaşylýar.

Özbek-türkmen ykdysady forumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyrýan resmi saparynyň çäginde Daşkentde geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022