Dünýäde azyk önümleriniň bahalary 10 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde azyk önümleriniň bahalary 10 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi
Dünýäde bugdaýyň bahasy 4% töweregi ýokarlandy.

Dünýäde azyk önümleriniň bahalary sentýabr aýynda geçen 10 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi. Muňa esasan däne önümleriniň we ösümlik ýaglarynyň bahalarynyň ýokarlanmagy sebäp boldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) penşenbe güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi sentýabr aýynda ortaça 130 bala ýetdi. Bu 2011-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri iň ýokary görkeziji boldy. Bu görkeziji awgust aýyndan 1,2%, geçen ýylyň degişli döwründen 32,8% ýokarydyr.

Sentýabr aýynda FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň indeksi geçen aý bilen deňeşdirilende 2% ösdi. Dünýäde bugdaýyň bahasy 4% töweregi ýokarlandy. Muňa bugdaýa bolan ýokary islege garamazdan onuň eksport mukdarynyň azalmagy sebäp boldy.

FAO-nyň habaryna görä, dünýäde ösümlik ýagynyň bahasy sentýabr aýynda 1,7% we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60% töweregi ýokarlandy. Bahalaryň ösmegine dünýäde ösümlik ýagyna bolan islegiň galmagy we Malaziýada önümçilige täsir edýän işçi güýjüniň ýetmezçiligi sebäp boldy.

FAO süýt önümleriniň görkezijisi awgust aýyndan 1,5% ösdi. Şekeriň bahasy bolsa geçen aýyň bahasyndan 0,5% we bir ýyl öňki görkezijiden 53,5% ýokarlandy.

FAO, şeýle hem 2021-nji ýylda dünýäde galla önümçiliginiň iň ýokary derejede, ýagny 2 milliard 800 million tonna boljakdygyny çaklady, emma munuň çaklanýan sarp ediljek mukdardan (2 milliard 811 million tonna) pesdigini belledi. Bu çaklama esasan maldarçylyk iýmlerinde bugdaýyň ulanylyşynyň ýokarlanmagyny göz öňüne tutmak bilen bir aý ozalkydan 2 milliard 700 million tonna ýokarlandyryldy.