Pakistanyň Energetika ministrligi: TOPH-yň gazy suwuklandyrylan gazdan arzan bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistanyň Energetika ministrligi: TOPH-yň gazy suwuklandyrylan gazdan arzan bolar
TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 1 müň 840 kilometre barabar bolar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi Pakistan üçin ykdysady taýdan amatly taslama bolar, sebäbi onuň üsti bilen geçiriljek gaz import edilýän suwuklandyrylan gazdan arzan bolar. Bu barada Pakistanyň Energetika ministrligi (Nebit bölümi) ýurduň Milli Geňeşiniň Daşary gatnaşyklar baradaky komitetine penşenbe güni mälim etdi.

Ýurduň nebit we tebigy baýlyklar ministri Zakir Arşad Pakistanyň iki palataly parlamentiniň aşaky palatasy bolan Milli Geňeşiň komitetine Eýran-Päkistan gaz geçirijisiniň, TOPH gaz geçirijisiniň we Russiýa-Päkistan gaz taslamasynyň gidişi barada maglumat berdi. Bu barada Pakistanyň “The Express Tribune” gazeti habar berýär.

Geňeşiň agzasy Ehsanullah Tiwananyň baştutanlygyndaky komitete geljek üç aýyň içinde dünýäde gazyň bahalarynyň ýokarlanmagy sebäpli Päkistanda hem içerki bahalaryň ýokarlanyp biljekdigi barada habar berildi.

Zakir Arşad komitete ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli Eýran-Päkistan gaz geçirijisinde öňegidişligiň ýokdugyny aýtdy.

Komitetiň agzalaryna TOPH gaz geçirijisiniň Pakistan üçin ykdysady taýdan amatly taslamadygy barada habar berildi. Arşad bu taslamanyň umumy bahasynyň 10 milliard ABŞ dollaryna barabardygyny belläp, onuň diňe 200 million ABŞ dollaryny Päkistanyň tölejekdigini aýtdy. Taslama tamamlananda Pakistan günde 1 milliard 200 million kub fut tebigy gaz alar diýip, Zakir Arşad sözüniň üstüni ýetirdi.

Ministriň bellemegine görä, Pakistanyň günlük gaz ýetmezçiligi 800 million kub futa deňdir.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň uzynlygy 1 müň 840 kilometre barabar bolar. Onuň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre çenli tebigy gazy üpjün etmäge niýetlenip, geçiriji dünýäde ikinji iň uly gaz ýatagy bolan Galkynyşdan başlar. Gaz geçirijiniň soňky barjak ýeri Pakistan bilen Hindistanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän Hindistanyň Fazilka şäheri bolar.

2022