Lebap welaýatynda täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynda täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy
Täze ýaşaýyş jaýlar 17 sany 4 gatly we 70 sany 2 gatly kottej görnüşli toplumyndan ybarat.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Täze ýaşaýyş jaýlar 17 sany 4 gatly we 70 sany 2 gatly kottej görnüşli toplumyndan ybarat. Onuň umumy meýdany 23 gektara barabardyr.

Täze binalar şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň, Türkmenabat şäher häkimliginiň ýanyndaky “Şähergurluşyk we hyzmat” döwlet kärhanasynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” hem-de “Demirbetonkonstruksiýa” edaralary tarapyndan bina edildi.

Umumy 544 maşgala üçin niýetlenen 17 sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň hersinde 32 sany 3 we 4 otagly, ähli amatlyklary bolan öýler ýerleşdirilip, kottej jaýlarynyň hemmesi bolsa 5 otagdan ybaratdyr. Şeýlelikde, ählisiniň beýikligi 3 metre barabar bolan 3 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleýän meýdany 105 inedördül metre, 4 otaglylaryňky bolsa 123 inedördül metre barabardyr. Kottej jaýlarynyň umumy meýdany 241,5 inedördül metre deňdir.

Habara görä, gurluşyk işlerinde ýurdumyzda öndürilýän we ekologiýa taýdan amatly serişdeler peýdalanylyp, täze ýaşaýyş jaýlarynyň hemmesi merkezleşdirilen ýylylyk, elektrik, gaz we suw ulgamy bilen doly üpjün edilendir. Binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, çagalaryň oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanmak üçin meýdanlar göz öňünde tutulandyr.

Mundan başga-da, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň taslamasynyň çäklerinde iki sany 2 gatly söwda merkezi gurulyp ulanmaga berildi.

Sentýabr aýynyň başynda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde iki sany dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

2022