Türkmenistanda öndürilen diş çotgalary daşary ýurtlara eksport edilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda öndürilen diş çotgalary daşary ýurtlara eksport edilýär
“Täze saba” kompaniýasynyň günde 25 müň sany diş çotgasyny öndürmäge mümkinçiligi bar.

“Täze saba” hojalyk jemgyýeti Birleşen Arap Emirliklerine, Russiýa, Gazagystana, Özbegistana, Azerbaýjana diş çotgalaryny eksport edýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habara görä, Germaniýanyň we Awstriýanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy kärhanada günde 25 müň sany diş çotgasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde önümler “Cvdent” haryt nyşany bilen öndürilýär.

Kompaniýa önümçiliginde Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polipropilenden we daşary ýurt çig mallaryndan peýdalanýar.

Şeýle-de, önümçilige başlamagyna bary-ýogy birnäçe aýyň geçendigine garamazdan, hojalyk jemgyýetiniň öndürýän ýokary hilli diş çotgalary içerki we daşarky bazarda uly islegden peýdalanýar.

Häzirki wagtda kärhananyň çagalar we ulular üçin öndürýän diş çotgalary paýtagtymyzyň we welaýatlaryň söwda merkezleriniň üsti bilen alyjylara hödürlenýär.

“Täze saba” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýär. Kompaniýa ýakyn wagtda öz gaplaýyş materiallarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

2022