“ARETI” Hazaryň türkmen ýataklaryny özleşdirmek boýunça tekliplerini hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“ARETI” Hazaryň türkmen ýataklaryny özleşdirmek boýunça tekliplerini hödürledi
Duşuşygyň dowamynda Igor Makarow baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça täze teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlar babatda bar bolan kuwwaty we ondan netijeli peýdalanmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Makarow milli Liderimize baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler, şol sanda “ARETI” kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de ol kompaniýanyň gatnaşyklarynyň çägini giňeltmäge taýýardygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Makarow tarapyndan hormatly Prezidentimize Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmek boýunça täze teklipler hödürlendi. Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bu taslama gyzyklanmanyň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwaty hem-de bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, degişli hukuk binýady bilen özüne çekijidigini belläp geçdi. Bularyň ählisi bolsa nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmäge, täze düzümleýin desgalary gurmak üçin serişdeleri netijeli gönükdirmäge mümkinçilik berýär diýip, Makarow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz holdingiň özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine oňyn çemeleşýändigini belledi. Şeýle-de milli Liderimiz islendik taslamany durmuşa geçirmekde iň täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ulanmagyň hem-de ekologik howpsuzlygyň kadalaryny berk berjaý etmegiň potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talapdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz işewüre bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Duşuşygyň ahyrynda “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy holdingiň ýurdumyzda dürli ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Igor Makarow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy kompaniýanyň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Merkezi edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýän “ARETI” halkara kompaniýalar topary 1992-nji ýylda döredildi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Igor Makarow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine 2019-njy ýylyň awgust aýynda bellendi.

2022