Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy täze ylalaşyk baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy täze ylalaşyk baglaşdy
Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) arasynda hyzmat etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu Ylalaşyk sişenbe güni Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we BIEG-niň Baş direktory jenap Daren Tang tarapyndan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň dowamynda baglaşyldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi habar berýär.

Maslahatyň dowamynda ministr Muhammetgeldi Serdarow Türkmenistanda intellektual eýeçiligi ugrunda alnyp barylýan işler, BIEG bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada çykyş etdi. Ministr öz çykyşynda Türkmenistanda Tehnologiýalary we innowasiýalary goldamak boýunça Merkezini döretmek bilen bagly hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýeti barada belläp geçdi.

Şeýle hem BIEG-niň Baş direktory jenap Daren Tang öz gezeginde Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýeti barada çykyş etdi.

Türkmenistan 1991-nji ýylda BIEG-niň doly ygtyýarly agzasy boldy we häzirki wagtda guramanyň 26 resminamasynyň 13-sine gatnaşýar.